Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby gulluga öz wagtynda barmadyklara ‘berk jeza çäreleriniň görüljekdigi’ duýdurylýar


Türkmen esgerleri (Arhiw suraty)
Türkmen esgerleri (Arhiw suraty)

Aşgabatda harby häkimiýetler erkek raýatlary harby gulluga çagyrmak çärelerini batlandyrýarlar we munuň bilen bagly düzgünleri berkleşdirýärler. Şu günler resmiler harby gulluga ýaşy ýeten raýatlara gulluga çagyryş hatlaryny gowşuryp, çagyrylan wagtynda harby bölüme gelmedik halatynda, “berk jeza çäreleriniň görüljekdigini” duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Häzir paýtagtyň hojalyklarynda 18 ýaşy dolan ýa-da oňa golaýlan ýaş ýigitleri güýzki hökmany harby gulluga çagyrmak çäreleri güýçlendi. Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Aşgabadyň etrap harby wekillikleri ýokary synpda okan wagtynda harby hasaba goýlan ýigitleriň öýlerine gelýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Harby wekiller gulluga çagyrylýan ýigitlere ýa-da olaryň hossarlaryna harby gulluga çagyrylýandygy barada çakylygy gowşurýarlar.

Munuň bilen bir wagtda, olar raýatlara “çakylyk hatynda görkezilen senede gelmedik ýigitleriň polisiýa işgärleri tarapyndan öýünden zor bilen äkidiljekdigini we bäş gije-gündiz gözenekde saklanjakdygyny” hem berk duýdurýarlar.

Agyr gulluk şertleri...

“Mundan başga-da, olar ‘şondan soňra olaryň harby komendaturasyna tabşyrylyp, Türkmenistanyň welaýatlaryndaky barmasy kyn ýerlerde we suw üpjünçiligi ýeterliksiz, agyr şertlerde gulluk etmeli boljakdygy’ bilen hem gorkuzýarlar” diýip, ýakynda oglunyň harby gulluga çakylyk hatyny alyp galan aşgabatly ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar.

Ýurtda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar we ýurduň kanunçylygy şertnama boýunça gulluk ýa-da alternatiw gulluk hödürlemeýär.

Harby gulluga çagyryşyň güýzki möwsümi golaýlaýan mahaly, şu günler paýtagtda harby gulluga çagyrylýan raýatlar saglyk barlagyndan hem geçirilip başlandy.

Garaguş keseline aýratyn üns berilmegi...

Lukmanlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, şu gezekki saglyk barlaglarynda harby gulluga gitmäge taýýarlanýan raýatlardan, hususan-da, epileptik, ýagny garaguş keseliniň bardygy ýa-da ýokdugy soralýar.

“Bu kesele aýratyn üns berilmeginiň sebäbi şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda paýtagtyň demirýol menzilinde çagyryş boýunça harby gulluga alnyp barylýan bir ýaş ýigidiň sudurgy geçirip, endamy ýygrylyp, aradan çykmagy bilen baglanyşykly. Ýaş esgerleri alyp barýan harbylaryň hiç bir medisina tälimi bolmansoň, ol tiz kömek ulagy gelýänçä aradan çykýar. Şonda täze esgeriň ýaşlykdan bäri epileptik keselinden ejir çekýändigi, muňa garamazdan, harby lukmançylyk toparynyň onuň saglyk ýagdaýynyň uçdantutma harby gulluga ýaramlydygy barada saglyk çözgüdini çykarandygy anyklanypdyr” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly lukman anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bu wakadan bäri gulluga çagyrylýan raýatlaryň epileptik, ýagny garaguş keselinden ejir çekýändigini ýa-da çekmeýändigini anyklamak tabşyrylýar.

"Bejergi ýazylýar, gullukdan boşadylmaýar"

“Bu kesel bilen kesellän raýatlara saglyk bejergisi ýazylyp berilse-de, olar gullukdan boşadylmaýar” diýip, aşgabatly ýene bir lukman anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň harby we saglyk bölümlerinden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri we düzgünleri berkleşdirilýär. Hatda gulluk ýaşyna ýeten mekdep okuwçylarynyň gutardyş synaglaryny tabşyrmaklaryna-da rugsat berilmezden, harby gulluga alnyp gidilýän halatlary barada hem habar berildi.

Mundan başga-da, saglyk ýagdaýy boýunça harby gulluga ýaramsyzdygy baradaky saglyk kepilnamalaryna garamazdan, raýatlaryň harby gulluga alnyp gidilýän halatlary barada ýylyň-ýylyna maglumatlar gelip gowuşýar.

Geçen ýyl harby häkimiýetler tarapyndan kabul edilen we Azatlyga mälim bolan gizlin buýruklaryň birinde raýatyň saglyk ýagdaýy bilen baglylykda harby gullukdan boşadylmagyna getirýän şertlere gaýtadan garaldy. Çeşmelerimiz şonda öňler raýatyň harby gulluga ýaramsyz hasap edilmegine getirýän käbir keselleriň lukmançylyk barlagynyň täze sanawyndan aýrylandygyny habar berdiler.

Azatlygyň harby bölümlerdäki çeşmeleri bu ýagdaýlaryň ýurtda harby gullukçylaryň san taýdan az bolmagy bilen düşündirip gelýärler. Bu ýagdaýlar barada ne ýurduň harby edaralary, ne-de resmi mediasy aç-açan mesele gozgaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG