Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren hökümet maslahatynda ýurtda zähmet bazaryny ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyp, “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakyndaky” karara gol çekdi.
Konsepsiýada zähmet bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlendi diýip, habarda aýdylýar.
Resminama laýyklykda, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe çäräniň durmuşa geçiriljekdigi aýdylýar.
Mundan başga, resminamada ýurduň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçiligi bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullaryny, bu ugurdaky hasabatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Habarda bellenmegine görä, türkmen hökümeti Halkara Zähmet Guramasy bilen edýän hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmegi, ýurduň bu guramanyň esasy we ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary, agyr işsizligi resmi taýdan boýun almaýar, zähmet migrasiýasynyň maşgala medeniýetine, çagalaryň terbiýesine we ruhy dünýäsine ýetirýän agyr zyýany barada aýdylýanlara açyk reaksiýa bildirmeýär.